Täze filmiň görkezilişi boldy

6–njy iýulda paýtagtymyzdaky Türkmenistan kinokonsert merkezinde Oguz han adyndaky Türkmenfilmbirleşigi tarapyndan surata düşürilen Çapar atly täze kinofilmiň görkezilişi boldy.Oňa ýurdumyzyň zehinlisungat ussatlary, kinosöýüjiler, žurnalistler we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.Dabaranyň başynda oňa gatnaşyjylara täze filmiň aýratynlyklary, filmde öňe sürülýän filosofiýa, onuň düşürilişpursatlary barada gyzykly maglumatlar berildi.

Filmde keşp janlandyran artistleriň hem-de filmiň şowly çykmagyüçin her bir işe örän jogapkärçilikli çemeleşen kino ussatlarynyň beren gürrüňleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.Režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren Çapar atly taryhy filmde XVIII asyryň wakalary suratlandyrylýar.

Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigitýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratynygaýgyrmaýar.

Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakynda.Çapar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerdesurata düşürilipdir.Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslanadyndaky Milli drama teatrynyň artistleri surata düşüpdirler.

Olar keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.Ertir bolsa Aşgabat kinoteatrynda Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşülenIstärin atly täze filmiň görkezilişi bolar.Bu filim beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragabagyşlanypdyr.

Täze filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew, operatory Pälwan Geldiýewdir.Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda hem bu filmleriň Mary şäheriniň hem-degolaýyndaky etraplaryň Medeniýet öýlerinde görkezilişi bolupdy.

Ýene degişli makalalar

17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler
500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar V Aziýadanyň alawyny Aşgabada getirdiler
Aşgabatda Çapar atly çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy
Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda