Täze köpri ulanylmaga berildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda täze köpri ulanylmaga berildi.Bu köpri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna deňiz ulaglary arkaly getirilýän ýükleri bökdençsiz daşamaga mümkinçilik döreder.Ikitaraplaýyn gatnawly köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, her tarapdan bir wagtda ulaglar üç hatar boýunça hereket edip bilerler.

Köprüniň her gapdalyndaky ini iki metr bolan ýanýodalar pyýadalaryň howpsuz hereket etmekleri üçin şert döredýär.

Täze köpriniň gurluşyk işleri welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy esasynda awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň köpri gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Köprä asfalt düşemek işlerini Balkanýolgurluşyk müdirliginiň we yşyklandyryş sütünleri bilen üpjün etmek işlerini bolsa Balkanenergogurluşyk dolandyryş edarasynyň hünärmenleri alyp bardylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Sebitara transport kynçylyklary dowam edýär, taksileriň ýol kireýleri gymmatlaýar
Awazada Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan Halkara maslahat we sergi açyldy
Awazada halkara sergi we maslahat dowam edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi