Türkmen ralliçileri Russiýanyň çempionatynda üstünlik gazandylar

Türkmen ralliçileri Russiýanyň çempionatynda üstünlik gazandylar

Türkmenistanly doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýew Ýüpek ýoly ― 2024 ralli-reýdiniň çäklerinde geçirilen Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda üçünji orna mynasyp boldular. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýty habar berýär.

5 ― 8-nji iýul aralygynda geçirilen çempionatda türkmenistanly sürüjiler T2 ýaryşynda, has takygy, ýolsuz ýerlerde hereket edýän ulaglaryň arasyndaky ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Doganlar Toýlyýewler Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasyna we Türkmenawtoulaglary agentligine wekilçilik edýärler. Olaryň sport ulagyny Merdan Toýlyýew dolandyrýar, Şöhrat Toýlyýew bolsa onuň şturmanydyr.

Çempionatda birinji orna russiýaly Andreý Suşenkow bilen Aleksandr Şanowdan ybarat topar mynasyp boldy. Olaryň watandaşlary Anton Melnikow bilen Anton Nikolaýew bolsa pellehana ikinji bolup geldi.

Ýüpek ýoly ― 2024 halkara ralli-reýdiniň 15-nji iýulda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ýüpek ýoly ― 2024: sekizinji tapgyrda Daňatarowyň topary ýeňiji boldy
Türkmen toparlarynyň ikisi Ýüpek ýoly ― 2024 halkara rallisinde öňdäki orunlara eýe boldular
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar