Täze metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli sadaka berildi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.

Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli toý sadakasynyň berilýän ýerine geldi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi we Ahal welaýatynyň ymamy bilen gürrüňdeş bolup, häzirki döwürde jemgyýetimizde sogaply işleriň amal edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Munuň özi özygtyýarly döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.Anna gününde berilýän toý sadakasynyň yslam dünýäsiniň beýik şahsyýeti Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat gelmeginde çuňňur many bar. Şeýle-de bu ýerde täze guruljak metjidiň kybla tarapynyň açyk bolmagy “Allanyň öýüniň” gurluşygyna badalga berilmegi ýaly, bu ýerde amal boljak ýagşy işlere-de badalga berer diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Öz nobatynda, din wekilleri täze metjidiň gurulmagy mynasybetli anna güni toý sadakasynyň berilmeginiň ägirt uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini bellediler. Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ýaşulularynyň hem-de din wekilleriniň adyndan amal edýän sogap işleri üçin hoşallyk beýan edildi we ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi Beýik Biribardan dileg edildi.

Soňra hajy Arkadagymyz toý sadakasyna gatnaşýanlaryň arasyna geldi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlara ýüzlenip, düýn ýurdumyzda döwlet derejesinde Hatyra gününiň bellenendigini, öten-geçenlerimizi ýatlap sadakalaryň berlendigini aýtdy we ähli doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Şu gün bolsa bu ýerde — Ahal welaýatynyň täze merkezinde sogaply iş üçin ýygnanyşdyk. Biz islendik sogap işi Beýik Allanyň ady bilen amala aşyrýarys we “Bismilla” diýip başlaýarys. Şu anna gününde biz toý sadakasyny berýäris diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Metjit gurmak ýol çekmek, köpri we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak ýaly asylly işdir. Soňky ýyllarda döwrebap metjitler, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Mary, Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde, käbir şäherlerde, etraplarda hem guruldy.

Ahal welaýatynyň täze merkezinde döwrebap metjidiň gurulmagy ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrüler.Metjit köňül tämizliginiň binasy bolar.Bu ýerde asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Şeýle-de ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljekki nesillere hyzmat eder.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Ähli ediljek doga-dilegler hasyl bolup dolansyn!Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk höküm sürsün!” diýip, sözüni jemledi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Asylly däbe görä, ýygnananlara milli tagamlar hödür edildi. Nahardan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň röwşen geljeginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň bähbidine Gahryman Arkadagymyzyň başlan ähli asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra şu günki berlen toý sadakasynyň hem-de aýat-töwirleriň Allanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Hajy Arkadagymyz berlen toý sadakasynyň, doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny diläp, hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

ЗАЛОЖЕН ФУНДАМЕНТ ГЛАВНОЙ МЕЧЕТИ АХАЛСКОГО ВЕЛАЯТА
Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär
Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär
Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy
“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär