Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýedi aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi. Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 26-njy awgustda bilim işgärleriniň maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.

Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär.

1-nji synpa okuwa barýan körpelere türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bilimli atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem wise-premýer N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
18-nji maýda Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp halkara ylmy maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi