Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi

Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi

Hormatly Prezidentimiziň saparyna gabatlanyp, düýn 13-nji martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, Toyota Coaster kysymly orta synply awtobuslaryň ýene-de 200-e golaýy, Toyota Hiace kysymly kiçi awtobuslaryň hem 10-sy ilata hyzmat etmek üçin ulanmaga berildi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenawtoulaglary agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýolagçy awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Täze ulaglar welaýatyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäherýaka hem-de şäherara ugurlar boýunça gatnadar.

Awtobuslaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Awtobuslarda ony dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek. Täze awtobuslar halkyň hyzmatynda bolup, ýolagçylaryň barmaly menzillerine öz wagtynda we rahat barmagy üçin zerur şertleri üpjün ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
Balkanda bolan ýol hadysalarynda iki adam öldi we başga-da azyndan 18 sanysy ýaralandy
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär
Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär