Täze ýylyň öňüsyrasyndaky sazly agşam

Iň garaşylýan gyş baýramynyň öňüsyrasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy.Täze ýyl ertekisi myhmanlary eýýäm teatryň eýwanynda garşylady. Özboluşly bezelen giňişlik — ýyly kamin, bezelen arçalar we ýaldyrawuk gar tozgalary ýetip gelýän baýramçylyk duýgusyny döretdi.

Konsert başlamazyndan ozal, dirižýor tomaşaçylary gutlap, Täze ýyly ruhubelentlikde we çagalygymyzdan bäri söýüp diňleýän aýdymlarymyz bilen garşylamagynyň has ýakymlydygyny belledi.Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, zehinli ýerine ýetirijiler Bahar Durdyýewa we Arslan Aganyýazow Täze ýyl hem-de Roždestwo aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara unudylmaz sazly pursady peşgeş berdiler. Çagalar we ulular horlarynyň çykyşlary aýratyn täsirli boldy.

Saksofonçy Şirhan Batyrowyň meşhur saz kompozisiýalaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bolsa tomaşaçylaryň uly höwesini döretdi.Maksatnamada Last Christmas, Happy New Year, Jingle Bells ýaly köpçüligiň söýgüli heňleri ýaňlandy. Şeýle-de Три белых коня (Üç sany ak at), Кабы не было зимы (Eger gyş bolmadyk bolsa) we Звенит январская вьюга (Ýanwar aýynyň syrgyny ses edýär) ýaly aýdymlar şatlyk-şowhuny has-da artdyrdy. Опять метель (Ýene-de boran) kompozisiýasy bolsa agşama ümsümligiň öwüşginini goşdy. Иван Васильевич меняет профессию (Iwan Wasilýewiç kärini çalyşýar) filminden Разговор со счастьем (Bagt bilen gürrüň) aýdymy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Agşamyň iň tolgundyryjy pursady Карнавальная ночь (Karnawal gijesi) kinofilmindäki Пять минут (Bäş minut) aýdymy boldy.Bu aýdym ýerine ýetirilýän wagty Täze ýyl gümpüldewaçlarynyň sesleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen konsert örän şowly boldy.Tomaşaçylar artistlere hoşallyk bildirip, dowamly el çarpyşmalar bilen sylagladylar.Toparyň köp sanly janköýerleri üçin şeýle mähirli agşamlar eýýäm asylly däbe öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky sazly agşam
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
"Kamera, motor!". Aşgabadyň ýaşaýjylary meşhur filmlerden aýdymlary diňlediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
Melodiýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde meşhur aýdymlar janly sesde ýaňlanar