Täze Zelandiýanyň täze Hökümet başlygy kasam kabul etdi

Täze Zelandiýanyň täze Hökümet başlygy kasam kabul etdi

Täze Zelandiýanyň oktýabrda geçen saýlawlarda üstün çykan täze Hökümet başlygy Kristofer Lakson kasam kabul etdi. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Duşenbe säheri meniň üçin aýratyn boldy. Men Premýer-ministr hökmünde kasam kabul etdim. Doly bahaly wezipäme girişmek meniň üçin hormat, ynam we uly jogapkärçilik diýip, täze Hökümet başlygy özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Täze Zelandiýada Parlament saýlawlary 14-nji oktýabrda geçdi. Saýlawlaryň netijesine görä, Krostofer Laksonyň başlyklyk edýän Milli partiýasy sesleriň 38,6 göterimini alyp ýeňiş gazandy. Ikinji orny 26,1 göterim ses alan Leýboristler partiýasy we üçünji orny 11,6 göterim ses gazanan Ýaşyllar partiýasy eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
Täze Zelandiýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar gadagan ediler
Täze Zelandiýada täze hökümet döredildi
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”