Täze Zelandiýada täze hökümet döredildi

Oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Täze Zelandiýanyň milli partiýasynyň lideri Kristofer Lakson hökümet gurmaga taýýardygyny mälim etdi we ýurduň täze Ministrler Kabinetiniň düzümini yglan etdi.

-Men general-gubernatoryma hökümet gurmaga taýýardygymy we Täze Zelandiýanyň 42-nji Premýer-ministri hökmünde kasam edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymy habar berdim – diýip, täze Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň hem “işe başlamaga taýýardyklaryny” aýtdy.

Lakson ozal žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Ministrler Kabinetiniň we dolandyryjy koalisiýa partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň – Winston Pitersiň (“Täze Zelandiýa, ozaly bilen” partiýasy) we Dewid Seýmuryň (ACT partiýasy) onuň bilen kasam etjekdigini aýtdy. Olar wise-premýer wezipesini nobat boýunça saklarlar – möhletiň birinji ýarymynda Winston, soň bolsa Seýmura geçer. Şeýle hem täze kabinetde 20 ministriň boljakdygy habar berildi.

Täze Zelandiýada parlament saýlawlary 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirildi, ýöne iň köp ses alan Milli partiýa özbaşdak hökümet gurmak üçin zerur köplügi alyp bilmedi we beýleki iki partiýa bilen koalisiýa döretmek üçin uzyn gepleşikleri geçirmäge mejbur boldy.

Saýlaw toparynyň habaryna görä, CNPP saýlawlarda sesleriň 38,06%-ini (parlamentdäki 48 orun) aldy, uzak wagtlap hyzmatdaşy ACT partiýasy 8,64% (11 orun) aldy.Olar parlament köplügini döretmek üçin (122-den 62 orun) “Täze Zelandiýa ozaly bilen” partiýasy bilen koalisiýa barada gepleşik geçirmeli boldy. “Täze Zelandiýa ozaly bilen” partiýasy bu saýlawlarda sesleriň 6.08%-ine (parlamentdäki 8 orun) eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Milli partiýanyň ýeňşi
Täze Zelandiýanyň täze Hökümet başlygy kasam kabul etdi
Täze Zelandiýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar gadagan ediler
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Niderlandlaryň medeniýeti