Niderlandlaryň medeniýeti

Niderlandlaryň medeniýeti

Niderlandlarda Erazm Rotterdamskiý we Benedikt Spinoza ýaly uly alymlar ýaşapdyr we şol ýerde Rene Dekartyň esasy işleri ýerine ýetirilipdir. Alym Hristian Gýuýgens Saturynyň hemrasy bolan Titany açdy we maýatnikli sagady oýlap tapdy. Niderlandlar bilen köplenç ýel degirmenleri, çigildem gülleri, agaçdan ýasalan aýak gaplar we Delfta şäherindäki palçykdan ýasalan gaplar baglanyşyklydyr.

Niderlandlarda köp tanymal suratkeşler hem işläpdirler. XVII asyrda bärde Rembrandt wan Reýn, Ýan Wermeýer, Ýan Sten we başgalar ýaly beýik ussatlar hem ýaşap geçipdirler.

XIX we XX asyrlarda suratkeşler Winsent Wan Gog we Pit Mondrian meşhurlyk gazandylar. Grafiki suratkeş Maurits Kornelis Eşer optiki illýuziýanyň ussady hökmünde tanalýar. Willem de Kuning Roterdamda bilim alyp, soňra Amerikanyň meşhur suratkeşi bolýar. XX asyryň ortalarynda Jadyly realizm mekdebi ýüze çykýar. Onuň uly wekilleri Karel Willink we Peýke Koh suratkeşlerdir.

Niderlandlaryň Altyn asyry hem edebiýatyň ösmegine sebäp boldy hem-de Ýost wan den Wondel we Piter Kornelis Hooft onuň esasy ýazyjylary bolupdyrlar.XX asyryň esasy ýazyjylary Harri Muliş, Ýan Wolkers, Simon Westdýaýk, Gerard Rewe, Willem Frederik Hermans we Seýs Noteboom bolupdyr.

Anna Frank adybelli Anna Frankyň Gündeligini ýazdy.Bu kitaby aradan çykanyndan soň çap edilip dünýäniň başga dillerine terjime edildi.

Ýene degişli makalalar

Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi
Baýden Bilen Jonson Kornuolda Duşuşdy
Ýoksul Ýurtlara 1 Milliard Doza Sanjym Kömegi Beriler
Uly ýedilik mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar