Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Siriýa garşy birtaraplaýyn ykdysady sanksiýalary bikanun we adamkärçiliksiz diýip atlandyrdy we haýal etmän ýatyrylmagyny isledi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Taht-e Rawançi çarşenbe güni BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Siriýadaky syýasy özgerişler we gumanitar meseleler barada gürrüň gozgap Amerikanyň Birleşen Ştatlary we käbir beýleki ýurtlar tarapyndan bir ýagdaýda bikanun birtaraplaýyn sanksiýalar Siriýanyň halkyna garşy girizilýär welin, siriýalylar terrorçylyk hereketlerinden we koronanyň giňelmeginden ejir çekýändirler diýdi.
Taht-e Rawançi şeýle-de Eýranyň berk pozisiýasynyň Siriýa krizisini parahatçylykly çözmekdigini aýtmak bilen şunuň bilen baglylykda Tähranyň, Astana prosesiniň Siriýanyň syýasy prosesini emele getirmäge kömek etmeginiň möhümdigini, şeýle hem BMG-nyň Siriýadaky häzirki işlerine goldaw berýändigini aýtdy.
Taht-e Rawançi sözleriniň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň käbir ýerlerini basyp almak bilen territorial bitewiligini bozmagyny dowam etdirýär we aslynda Waşington käbir terrorçy toparlary goldamak bilen bikanun geosyýasy bähbitlerini amala aşyrýar diýdi.