Taliban: "ABŞ Owganystanyň howa giňişligini bozýar"

Taliban: "ABŞ Owganystanyň howa giňişligini bozýar"

Owganystanyň wagtlaýyn hökümediniň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid ABŞ-nyň uçarmansyz howa ulaglary bilen Owganystanyň howa giňişligini ençeme gezek bozandygyny we oňa reaksiýa bildirendiklerini belläp, ABŞ-nyň şol meselä çynlakaý garamagyny isledi.

Müjahid: "Golaýdaky käbir ýurtlaryň howa giňişligini ulanyp, Owganystana gelen şol uçarmansyz howa ulaglary şübhesiz ABŞ-na degişlidir. Her kim bu meselede öz jogapkärçiligine düşünmeli we düzgün bozmany bes etmelidir" diýip belledi.

Adyny beýan etmedik ýakyn ýurtlara çagyryş beren Müjahid, howa giňişliklerini ABŞ-nyň ulanmagyna açmazlyklaryny isledi.

Birnäçe gün ozal Owganystanyň metbugatynda Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Kandagar we Nimruz welaýatlarynda uçarmansyz howa ulaglarynyň uçuş amala aşyrandygy habar berilipdi.

Talibanyň resmileri eýýäm ençeme wagt bäri Owganystanyň ençeme ýerinde uçarmansyz howa ulaglarynyň uçuş ýerine ýetirilýändigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Owganystana howa hüjümini gurady
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy