Taliban, DAEŞ-e Agza 65 Adamyň Günäsini Geçdi

Taliban, DAEŞ-e Agza 65 Adamyň Günäsini Geçdi

Taliban, Owganystanyň Pakistan serhedinde ýerleşýän Nangarhar welaýatynda boýun egen terror guramasy DAEŞ-e agza 65 adamyň günäsini geçdi

Welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, terror guramasy DAEŞ-e agza 675 adamyň Kot we Batkot etraplarynda aksakgallaryň töwellaçylyk etmeginde howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi.

Ýolbaşçylar, etmişlerinden puşman bolanlaryň günäsiniň geçilendigini, şol adamlaryň ýaňadandan eline ýarag alan halatynda bolsa agyr jezalandyryljakdygyny nygtady.

Terror guramasy DAEŞ-iň 8-nji oktýabrda Gunduz welaýatynda şaýylaryň metjidine guran bombaly hüjüminde 46 adam ýogalypdy, 143 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy