Tans sungatynyň milli nusgalary

Tans sazlaşykly beden hereketleri bilen medeniýeti we ruhy ahwalaty janlandyrýan gymmatly sungat eseridir.Tans asyrlarboýy dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup gelýär.Her bir halk öz däp-dessurlaryny, halk döredijiligini suratlandyrýan milli hem-de döwrebap tanslary bilen tanalýar.

Her ýylyň 29-njy aprelinde dünýäde Halkara tans güni uludan bellenip geçilýär.Biz hem gazetimiziň şu sanynda tans sungatynyň milli nusgalary baradaky maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Küştdepdi. Türkmen halk döredijiliginiň žanry esasynda oglan we gyzlaryň arasynda halkalaýyn ýerine ýetirilýän küştdepdi tansy türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir.Gadym döwürlerden gözbaş alýan tansyň bu görnüşi häzirki wagtda toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi.

Küştdepdi aýdymly, sazly ýerine ýetirilýän utgaşykly hereketli milli tans görnüşidir. 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen küştdepdiniň meşhurlygy has-da artdy.

Samba, Braziliýa. Semba (tansa çakylyk) sözünden gelip çykan samba milli tansy 1950-nji ýyllarda afrikalylaryň ýerli medeniýetini Braziliýa getirmegi bilen ýüze çykýar.Soňlugy bilen brazil medeniýetine ornaşan tans sungatynyň bu görnüşi bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolýar.

Sambaçylar adatça reňkli egin-eşikleri hem-de kellesindäki ullakan jygasy (guş ýelekleri) bilen tanalýar.Samba tansy Rio-de-Žaneýroda geçirilýän dabaralaryň we festiwallaryň bezegidir.

Salsa, Kuba. Tansyň bu görnüşiniň ispan we afrika medeniýetiniň birleşmeginden dörändigi çaklanylýar. Salsa 1950-nji ýyllarda milli tans görnüşi hökmünde Nýu-Ýork şäherine ornaşan hem bolsa, asyl nusgasyny Karib deňzindäki ýurtlarda görmek bolýar. Salsa jübütleýin ýerine ýetirilip, utgaşykly beden hereketleri tansyň özenini düzýär. Bu tans Argentinanyň meşhur tansy bolan tango hem meňzeşdir.

Hip-hop, ABŞ. Açyk meýdanda ýerine ýetirilýän tanslaryň iň meşhurlarynyň biri bolan hip-hop amerikan medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. 1970-nji ýyllarda

Nýu-Ýorkuň we Kaliforniýanyň köçelerinde ýerine ýetirilip başlanan tansyň bu görnüşi häzirki wagtda bütin dünýäde tanalýar. Çalt hereketde ýerine ýetirilýän hip-hopdaky el ýa-da kelle aýlawlary tomaşaçylaryň höwesini artdyrýar.

Step tansy, Irlandiýa. Ädim tansy diýmegi aňladýan bu tans ilkibaşda keltler (gadymy taýpa) tarapyndan oýnalyp, 1990-njy ýyllarda ilkinji gezek teatrda ýerine ýetirilýär. Şondan soňra bu tansyň köpçülikleýin meşhurlygy artyp, bütin dünýäde tanalyp başlanýar. Batly aýak zarbalary, çalt we çylşyrymly aýak hereketleri bu tansyň özboluşlylygyny düzýär.

Flamenko, Ispaniýa. Ispan medeniýetinde özüne çekiji däpleriň biri hem flamenko tansydyr. Tans sungatynyň bu görnüşi aýak hereketlerini, aýdym aýtmagy, el çarpmagy hem-de gitara çalmagy öz içine alýar. Zenan tansçynyň gyzyl reňkli köýnegi bu tansyň esasy aýratynlygydyr. Häzirki wagtda flamenko bütin dünýäde ýerine ýetirilýär.

Waltz, Awstriýa. Tansyň ady nemesçe walzer sözünden gelip çykyp, togalanmak, aýlanmak diýen manyny berýär. Nemes medeniýetinden gözbaş alýan waltz Awstriýada toý dabaralarynda ýerine ýetirilýän iň gadymy tanslaryň biridir. Tansyň bu görnüşi walsa gaty meňzeş bolup, çalt hereketliligi bilen tapawutlanýar.

Bharatnatýam, Hindistan. Hindi nusgawy tans görnüşleriniň iň gadymysy hasaplanýan bharatnatýam 1930-njy ýyllardan başlap köpçülige ýaýrap başlaýar. Aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän tansyň bu görnüşi sazlaşykly el we aýak hereketleri, dilden aýdylýan hekaýasy bilen hindi medeniýetini janlandyrýar. Bharatnatýam dünýä medeniýetinde nepis tanslaryň biri hökmünde kabul edilýär.

Dragon tansy, Hytaý. Hytaý medeniýetinde aždarha güýç, baýlyk we şowlulyk nyşanydyr. Matadan tikilen ullakan aždarhanyň aşagynda bukulyp ýerine ýetirilýän bu tans abadançylygyň nyşany hökmünde ýerine ýetirilýär. Tolkun ýaly aýlawly hereketler, birden aşak peselip, ýokary göterilmek tansa özboluşlylyk berýär. Aždarha tansy deprekleriň ritmi bilen utgaşykly ýerine ýetirilýär.

Balet, Russiýa. Balerina tarapyndan sahnada ýerine ýetirilýän balet tansy 1800-nji ýyllardan gözbaş alýar. Ýumşak aýakgaply oýnalýan tansyň bu görnüşi romantik häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Balet jübütleýin we aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän aýlawly hereketleri bilen tanalýan nusgawy tanslaryň biridir.

Lazgi, Özbegistan. Ilkibaşda Horezmde dörän lazgi tansy soňlugy bilen Özbegistanyň ähli sebitine ýaýraýar. Häzirki wagtda türki halklaryň arasynda meşhur bolan lazgi özbek medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Şirin owazly sazda özboluşly hereketler bilen ýerine ýetirilýän bu tans köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Balet duýguly sahna eseri
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Jahankeşdeleriň sany artýar
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar