Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi

Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi

Türkmen aktiwisti-blogçy Farhat Durdyýew ady bilen tanalýan Farhat Meýmankuliýew Stambulda tussag edildi.Aktiwistiň egindeşleri Meýmankuliýewiň tussag edilendigi barada Azatlyga habar berdiler.Olaryň sözlerine görä, Meýmankuliýew 19-njy maýda agşam sagat 9 töweregi öýünde tussag edilipdir.

Meýmankuliýew tussag edilenden soň, Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi.Deslapky maglumatlara görä, türk polisiýasy aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň arzy esasynda tussag edipdir.Polşada ýaşaýan türkmen oppozisioneri Nurmuhammet Annaýew, Meýmankulyýewiň tussag edilmegi baradaky maglumatlaryň şol bir kwartirada ýaşaýan türkmenistanlylar tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.

Farhat Durdyýew ady bilen çykyş edýän "YouTube" blogçysy, türkmen häkimiýetlerine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
Türkiýede aktiwistler Sahatowa we Orusowa deportasiýa karary çykdy, muňa resmi şikaýat edildi
Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Türkiýede türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa azar berilýär