Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär

Tarantino Brýus Uillisi soňky filminde surata düşürmek isleýär

Meşhur kinorežissýor Kwentin Tarantino özüniň iň soňky, 10-njy filminde Brýus Uillisi surata düşmäge çagyrmak isledi. Ol eger aktýoryň maşgalasy garşy çyksa, bu pikirinden dänjekdigini habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Kino tankytçysy atly film şu ýylyň sentýabrynda surata düşürilip başlanar. Filmdäki wakalar 1970-nji ýyllarda Los-Anjelesde geçer.

Tarantino bilen Uillisi köp ýyllyk dostluk birleşdirýär. Olar 1994-nji ýylda ekranlara çykan Jenaýat hakda harsal eser filminde dostlaşdylar, bu filmde Uillis boksçynyň keşbini döretdi.

The Daily Express neşiri Tarantinonyň täze filmine çagyrmak bilen, köne dostuna hormat bildirmek isleýändigini ýazýar.

Sebäbi 2022-nji ýylda aktýorda afaziýa keseli tapylyp, ol kinoda düşmegini bes etdi. 68 ýaşly Brýus Uillisiň demensiýa keseline uçramagy onuň akyl-huşunyň, daşky dünýä bilen gatnaşygynyň bozulmagyna getirdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Ssenariçiler we ýazyjylar Los-Anjelesde iş taşlaýyş etdiler
Türkmenistan tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyr, Aşgabatda 9 gatly täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň ilçisini hasaba aldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy, Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny işjeň ulanyjylaryň sany artýar, Köneürgenç meteoritiniň 25 ýaşy dolýar we beýleki habarlar