Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

24-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bir günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Şol gün “Ruhyýet” köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurtlaryň Prezidentleri türkmen-tatar gatnaşyklarynyň şu güni we geljegi hakynda pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tatar Lideriniň belleýşi ýaly, geçen ýylda Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň umumy bahasy 77,5 mln amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijini artdyrmak babatda nebit ýataklaryny gözlemek, gazyp almak, tebigy gazyň eksporty, awtomobil, awia we gämigurluşyk, himiki serişdeleriň eksporty ýaly ugurlarda geljegi uly mümkinçilikler bar.

Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň ykdysady we senagat taýdan ösen sebitleriniň biri hökmünde Tatarstan Respublikasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmäge taýýardygyny nygatdy. Pursatdan peýdalanyp, Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň wekiliýetini Wolga Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem bu ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarstan bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Türkmenistanda Tatarstanyň Tatneft, KAMAZ, KER-holding ýaly öňdebaryjy kompaniýalarynyň şahamçalary hereket edýär. Şertnama esasynda Türkmenistana 2 müňden gowrak KAMAZ awtoulagy gelip gowuşdy.Tatneft kompaniýasy Türkmennebit bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.

Kazan dikuçar zawodyndan Türkmenistana ilata gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin Ansat kysymly we МИ-17-1В lukmançylyk dikuçarlary gelip gowuşdy. Şeýle hem Zelenedolskide ýerleşýän Gorkiý adyndaky zawodyndan iki sany А-145 ýokary tizlikli ýolagçy gämisi gelip gowuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly NCSPU-nyň rektory bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar  
Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar
9-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana bardy
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni bellenildi, Türkmenistanyň Baş konsuly Kazanyň häkimi (meri) bilen duşuşdy, Daýhanbank Türkmenistanda hyzmat edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda we beýleki habarlar