Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly NCSPU-nyň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly NCSPU-nyň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Güýç Garaýewiň Naberezhnye Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň (Naberezhnye Chelny State Pedagogical University (NCSPU)) rektory Alfinur Galiakberowa bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Челнинские известия gazeti habar berýär.

Taraplar özara gatnaşyklar üçin täze ädimleri we hyzmatdaşlygyň täze geljegi bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

2009-njy ýyldan bäri NCSPU bilen Türkmenistanyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Häzirki wagtda uniwersitetde türkmen talyplarynyň 350-si bilim alýar. Habarda bellenilişine görä, türkmen talyplary köplenç matematika we informatika fakultetini, bedenterbiýe we sport fakultetini, şeýle hem filologiýa fakultetini saýlaýarlar. Şeýle hem uniwersiteti gutaran türkmen talyplarynyň müňden gowragy häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli zähmet çekýärler diýlip bellenilýär.

Naberezhnye Çelny döwlet pedagogiki uniwersiteti Wolga-Kama sebitiniň bilim edaralary üçin mugallymlary taýýarlaýan Tatarstan Respublikasynyň (RF) Naberezhnye Çelny şäherindäki ýokary bilim edarasydyr. Naberezhnye Çelny şäherindäki pedagogika uniwersiteti 1990-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi
“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Bütindünýä miraslaryna syýahat” atly webinar-maslahat
Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana bardy we orden aldy (surat/wideo)
Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Prezident Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanda halkara gatnawlary üçin ýolagçylardan edilýän uçuş talaplary mälim edildi, şäherara awtobuslarynyň petekleriniň onlaýn söwdasy gaýtadan ýola goýuldy, gender deňligini ilerletmek boýunça tegelek stol geçirildi we beýleki habarlar