Türkmenistanyň Logistika merkezi Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer

Türkmenistanyň Logistika merkezi Astrahanyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer

Türkmenistanyň geljekki logistika merkezi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň portunyň çäginde aýratyn ykdysady zolakda dörediler. Bu barada şu hepde Astrahan oblastynyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Denis Afanasýew belledi diýip, Wolga habarlar agentligi habar berýär.

Şeýle-de ol bu bu mesele bilen baglylykda, Türkmendeňizderýaýollary agentligi bilen gepleşikleriň geçirilýändigini nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, Astrahanyň gämi gurluşykçylary Türkmenistan üçin gury ýük gämilerini, konteýner gämilerini, paromlary we beýleki görnüşli gämileri gurmaga taýýardygyny tassyklaýar. Afanasýew mundan başga hem Türkmenistanyň Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen önümçilik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Astrahan sebitinde portuň ýörite ykdysady zolagyny we Hazar toparyny döretmek baradaky Karara Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin 2020-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekdi.

Türkmenistan we Astrahan özara hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüljek Astrahan oblastynda ýerleşjek täze logistika merkezini açmagy 2021-nji ýylyň mart aýynda ara alyp maslahatlaşdylar.

2022-nji ýylyň başynda bolsa Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky Logistika merkeziniň döredilmegine taýýarlyk görmäge niýetlenen ýörite Iş topary düzüldi. Bu Iş toparynyň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň, ýurduň logistika we demir ýol kärhanalarynyň hünärmenleri girýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan multimodal üstaşyr ýük daşamalarda rugsatnama bermek boýunça nyrhnamany arzanlatdy
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasy 5PL ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär
Logistikanyň we Halkara forumyň netijeliligi
Logistika ulgamy ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi
Türkmen Logistika assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi