Tatarystan Respublikasy gazetiniň we Türkmenistanyň degişli gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alşyldy

Tatarystan Respublikasy gazetiniň we Türkmenistanyň degişli gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň Baş konsullygynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Güýç Garaýew bilen Tatarystan Respublikasy gazetiniň baş redaktory Alekseý Ugarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

HHM-niň habar berşi ýaly, duşuşykda baş konsul Güýç Garaýew baş redaktor Alekseý Ugarowa Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň metbugatynda şöhlelendirmegiň, şol sanda Tatarystan Respublikasy gazeti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň habarçylarynyň arasynda tejribe alyşmagy, žurnalistika hünärinde okaýan talyplar üçin onlaýn leksiýalary guramak, Tatarystan Respublikasy gazetiniň we Türkmenistanyň degişli gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alyşdylar.

Alekseý Ugarow 1996-njy ýyldan bäri žurnalistika pudagynda işleýär. Tatarystan Respublikasy gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenmezinden ozal, ol Tatar-inforum habarlar gullugynda baş redaktor wezipesini ýerine ýetiripdi.

2023-nji ýylyň iýunynda A.Ugarow Tatarystan Respublikasy gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi. Bu gazetiň esaslandyryjylary Döwlet Geňeşi we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetidir.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Saratowyň telekeçileriniň Türkmenistana iş saparyny guramak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Türkmen diplomatlary Witebsk döwlet lukmançylyk uniwersitetine duşuşyk geçirdiler
Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod sebitine guran hüjümlerinde 7 adam ýogaldy