TDHÇMB-da çarşenbe güni nebit we dokma önümleri satyldy

TDHÇMB-da çarşenbe güni nebit we dokma önümleri satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda daşary ýurt puluna polipropilen, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we dokma önümlerini satmak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu geleşikleriň jemi bahasy 4,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür bir tonnasynyň bahasy 971 ABŞ dollaryna deň bolan TS-1 kysymly uçar kerosininiň 2000 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 1,9 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň telekeçileri 1,3 million ABŞ dollaryna deň bolan L-0.2-62 kysymly dizel ýangyjyny, şeýle hem jemi bahasy 889 müň ABŞ dollaryna barabar bolan TPP D382BF kysymly polipropileniň 700 tonnasyny satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan L-0.2-62 kysymly dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy 867,25 ABŞ dollaryna, TPP D382BF kysymly polipropileniň bir tonnasynyň bahasy bolsa 1270 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekili dokma önümleriniň 23 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy 126,5 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkiýäniň işewür toparlary Dokma senagaty ministrligi bilen jemi bahasy 4,4 million manada deň bolan nah ýüplüginiň dürli görnüşlerini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 27 million 46 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Fatih Burawlaýyş Gämisi Amasra-3-de Burawlaýyş Işlerine Başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stambulda Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi
TDHÇMB-da duşenbe güni $94,1 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy