Stambulda Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi

Stambulda Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi

Türkiýäniň Stambul şäherinde penşenbe güni tejribe alyşmagy, gender deňligi boýunça pikir alyşmagy, türki halklaryň edebiýatyny we medeniýetini wagyz etmegi maksat edinýän türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi.

Bu çärä türkmen tarapyndan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň, “ORIENT” habarlar gullygynyň, “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň, “Turkmenportal” internet portalynyň, “SalamNews” onlaýn neşiriniň wekilleri gatnaşdylar.

Simpoziumyň açylyş dabarasynda Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk boýunça dolandyryş gullugynyň metbugat we ýaýlyma beriş bölüminiň başlygy, TRT kanalynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, dosent Oguz Göksu çykyş etdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda “Anadolu” agentliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, agentligiň utgaşdyryjy redaktory Ýahýa Bostanyň çykyşy diňlenildi.

Şeýle hem Tükiýäniň energiýa çeşmeleri boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary , ýagny, “Turkish Petroleum” (TPAO) kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Ahmet Turksoý, “Energy Exchange Istanbul” (EXIST) kompaniýasynyň Strategiki ösüş boýunça direktorynyň orunbasary Awni Çebi we BOTAŞ kompaniýasynyň Söwda amallary we tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça başlygynyň orunbasary Ýunus Emre Idjik çäräniň dowamynda eden çykyşlarynda özleriniň energiýa ulgamyndaky taslamalary, ýeten sepgitleri, şeýle hem eksport-import ugrunda alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumynda internet ulgamynda nädogry we ýalan maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, sosial ulgamlaryň adama täsirini azaltmak hem-de türki halklaryň arasynda türk dilini giňden ýaýratmak ýaly ugurlar esasy mowzuklaryň hatarynda görkezildi.

Simpoziumyň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda sosial ulgamyň dünýäde has ösendigini, adamlaryň bu ulgamy islendik ugurda ulanyp bilýändikleri sebäpli dürli ýagdaýlaryň we nädogry maglumatlaryň sosial ulgamda ýaýraýandygy barada aýdyp, çärä gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň bu ugruň hukuk taýdan has berkidilmegi üçin täze çäreleri kabul etmekleriniň wajyp bolup durýandygyny bellediler.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde metbugatyň halkara giňişligindäki eýeleýän orny, Türki döwletleriň guramasynyň geljekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Ýemendäki çaknyşyklarda 814 adam ýogaldy
Aşgabatda Abu Bekr ibn Muhammet as-Sula bagyşlanyp konferensiýa geçirildi
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy