TDHÇMB-da duşenbe güni 21,6 million manatlyk tehniki kükürt satyldy

TDHÇMB-da duşenbe güni 21,6 million manatlyk tehniki kükürt satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 21 million 600 müň manada deň bolan pes hilli tehniki kükürt satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Ýerli telekeçiler pes hilli tehniki kükürdi “Türkmengaz” döwlet konserninden eksport etmek şerti bilen satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşenbe güni geçirilen söwdalarda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 28 million 74 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'
Maryda 'lider saparyna' garaşylýar, ýaşaýjylar üýtgeşiklik isleýär
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
Aprel II hepde: TDHÇMB-da $57,8 millionlyk geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da duşenbe güni $26,5 millionlyk nebit-himiýa önümleri satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy