TDHÇMB-da duşenbe güni $26,5 millionlyk nebit-himiýa önümleri satyldy

TDHÇMB-da duşenbe güni $26,5 millionlyk nebit-himiýa önümleri satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 26 million 578 müň 900 ABŞ dollaryna deň bolan nebit-himiýa önümleri satyn aldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Türkiýäniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden tehniki kükürt kislotasyny, Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem türk telekeçisi ýerli işewürlerden umumy bahasy 43 müň 340 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 57 million 883 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $307 milliona golaýlady
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy?
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy