TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, Owganystanyň telekeçileri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig we distillirlenmedik ýagly turşulygy ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 61 million 120 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny (Türkmennebit döwlet konserni), nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Ahalda we Maryda dizel ýangyjy gytaldy. Sürüjiler 'hilegärlik edilýär' diýýärler
Duşenbe güni TDHÇMB-niň söwdalarynda awtoulag benzinine uly isleg bildirildi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy