Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy

Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistana hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowy bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlary beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, şu ýylyň 9-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany munuň Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem BMG bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtap, hemmeleri bu şatlykly habar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy
Diňle: Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar
Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar