Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji Tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine (ECOTEX) gatnaşmaga çagyrylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji ECOTEX sergisi 2024-nji ýylyň 7-10-njy maýynda Tähran şäherinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ECOTEX sergisi innowasiýalar, maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileri şu ýylyň 47-nji iýuly aralygynda Eýranda geçiriljek “SITEX 2024” dokma senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 86 million dollara golaý geleşikler baglaşyldy
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar