Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi

Iýul II hepde: TDHÇMB-da geleşikler $85 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümlerini, gruziýaly işewürler bolsa Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we pagta linti ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 85 million 547 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 179 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, garylan parafin galyndysyny (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, pagta lintini satyn aldylar.

Çeşme: Altyn asyr elektron gazeti

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar