TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine nah ýüplük, pagta süýümi we pagta ýagy ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 885 müň manatlyk nah matany satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
Duşenbe güni TDHÇMB-niň söwdalarynda awtoulag benzinine uly isleg bildirildi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy