TDU-da žurnalistika hünäriniň uçurymlarynyň talyplar bilen duşuşygy boldy

TDU-da žurnalistika hünäriniň uçurymlarynyň talyplar bilen duşuşygy boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli ýyllarda žurnalistika hünäri boýunça bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, häzirki wagtda ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän žurnalistler bilen şu ugurdan bilim alýan talyplaryň döredijilik duşuşygy boldy.

Bu duşuşyk Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraldy.Bu barada TDU-nyň resmi saýty habar berýär.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Biznes reklama gazetiniň esasy utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halypa ýazyjy, publisist Gurbannazar Orazgulyýew, şol gazetiň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, şeýle-de Türkmenistan gazetiniň redaksiýasynda we Altyn asyr: Türkmenistan teleradioýaýlymynda zähmet çekýän ýaş žurnalistler talyplaryň žurnalistika hünäri, döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalaryň habar beriş serişdelerinde beýan ediliş aýratynlyklary, metbugat sahypalarynda zähmet adamynyň wasp edilişi, Türkmenistanyň halkara derejede ýeten belent sepgitleriniň, öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň, ýurduň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynda gazanan halkara üstünlikleriniň, türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleriniň, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmekdäki, dostlukly gatnaşyklary ilerletmekdäki ägirt uly ornunyň açylyp görkezilişi, Türkmenistanda internet žurnalistikasynyň şu güni we geljegi, redaksiýalarda kätipligiň işiniň aýratynlyklary, žurnalistikanyň žanrlary, tebigatda gepleşikleri taýýarlamagyň özboluşly täsirleri baradaky sowallaryna jogap berip, öz iş tejribeleri esasynda, degişli mysallar bilen pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de halypa we ýaş žurnalistler geljekki kärdeşlerine saýlap alan hünär ugurlary bilen bagly öwütlerinidir maslahatlaryny berdiler.

Öz gezeginde, talyp ýaşlar hem myhmanlara beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Türkmenistanda dürli ölçegli “NowaEco” ofis kagyzlary öndürilip başlandy
“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy