Tebigatyň täsinligi

Diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, onuň biologik baýlyklaryny, tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr.Tebigatymyzyň täsinlikleri barada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň düzümine girýän, 2009-njy ýylyň 18-nji maýynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýinde giňişleýin maglumat berilýär.

Muzeýde Türkmenistanyň tebigatyna degişli muzeý gymmatlyklary, ýurdumyzda duş gelýän haýwanlaryň we guşlaryň, ösümlikleriň görnüşleri, ýeriň astynda duş gelýän mineral daşlary, dag jynslary hem-de ýurdumyzyň tebigy ýadygärlikleri görkezilýär.Bu ýerde hormatly Prezidentimize berlen türkmen tebigatyna degişli sowgatlyklaryň dürli görnüşleri hem saklanýar. Şeýle ajaýyp sowgatlaryň biri dag goçunyň gäbidir.

Ol tebigat bölüminiň hemişelik sergi zalynda görkezilýär. 2017-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi sapar bilen gidende, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hormatly Prezidentimize dag goçunyň gäbini sowgat berýär.

Bu dag goçuna “Pamir aýragy” ýa-da “Marko Polonyň dag goçy” (Ovis ammon polii) hem diýilýär.Goralyp saklanýan bu jandar halkara Gyzyl kitabyna girizilendir.Dag goçy goşatoýnaklylaryň gynşahlylar maşgalasyna degişli süýdemdiriji bolup, Orta we Merkezi Aziýanyň dag sebitlerinde, Sibiriň günortasynda duş gelýär.

Dag goçlary ululygy we bedeniniň reňki babatda birnäçe aşaky görnüşe bölünýärler.Erkek dag goçunyň şahlary has uly hem haýbatly bolup, ol bedeniň agramynyň 13%-ni tutýar.Eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini, onuň ajaýyp durkuny saklamak, gözüňi dokundyrýan täsinligi ýaş nesillere ýetirmek biziň paýymyza düşýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigatyny we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, ony ylmy taýdan öwrenmekde uly işler alnyp barylyar.Türkmen gözelliklerini gözüň göreji deýin goramakda hormatly Prezidentimiziň parasatly pikirleri biz üçin ýol ýörelgedir.

Enegül Ballyýewa,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniňuly ylmy işgäri.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Täsin Täze ýyl arçasyny gurdular
Katar Döwletine Türkmenistanyñ ilçisi bellenildi
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Söhbediň aýdymy bilen adygan