Tebigy gaz durnukly energetika geçmekde esasy ugur

1-nji dekabrda paýtagtymyzda Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahaty hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmengaz hem-de Türkmennebit döwlet konsernleri guradylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanyp geçirilýän foruma 32 ýurtdan 220-den gowrak wekil, nebitgaz kompaniýalarynyň 80-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň, diplomatik we ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäde halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň wekilleriniň 120-si möhüm meseleler boýunça ara alyp maslahatlaşmalara sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldy.

Forumyň dabaraly açylyşy Türkmengaz döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň maslahatlar zalynda geçirildi.

Forumyň barşynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen bölegindäki ýangyç geçirijini çekmek işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, onuň taslamada göz öňünde tutulan geçiriş ukyby ýylda 33 milliard kub metre deňdir.

Gazyň eksporty artdyrylar

Häzir Hytaý Halk Respublikasy türkmen gazyny iň köp mukdarda alýan ýurt bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B, C) mawy ýangyjyň ýylda 40 milliard kub metre golaýy iberilýär.

Geljekde türkmen tebigy gazynyň her ýylda Hytaýa iberilýän mukdary ýylda 65 milliard kub metre ýetiriler. Bu gün Türkmenistan gazy Orta Aziýa—Merkez gaz geçirijisi arkaly Russiýa iberýär hem-de mawy ýangyjy günorta ugry boýunça eksport etmek üçin ähli tehniki mümkinçilikler we serişdeler binýadyna eýedir.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň gazananlary barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ilki bilen Halkara gaz birleşiginiň baş sekretary Luis Bertran Rafekas çykyş etdi. Bu birleşik dünýäniň energetika ulgamynyň abraýly düzümleriniň biridir. Gazçylaryň milli assosiasiýalary hem-de iri kompaniýalar—dünýäniň 71 ýurdunyň gaz senagatynyň wekilleri bu birleşigiň agzalary bolup durýar. Jenap Rafekasyň umumy mejlisde hödürlän çykyşy COVID-19-dan soňky döwürde tebigy gaz dünýäniň energetikasynda diýen mowzuk bilen baglanyşykly boldy.

Energetika BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu gün tertibi durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady özüne birleşdirýär. Şol maksatlaryň ählisine—ykdysady, durmuş we ekologiýa häsiýetli maksatlara ýetmek durnukly energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr.

Tebigy gaz

geljegiň energetikasy

Howanyň üýtgemegine we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek boýunça dessin çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nazara almak bilen, tebigy gaz geljegiň energetikasy üçin esas bolup durýar.Mälim bolşy ýaly, döwletleriň köpüsi tarapyndan gol çekilen Pariž ylalaşygy hut şuňa gönükdirilendir.

Bu ylalaşyk 2020-nji ýyldan başlap, atmosferanyň düzüminde kömürturşy gazynyň möçberini azaltmak boýunça çäreleri kadalaşdyrýar.Tebigy gaz durnukly energetika geçmekde esasy ugurdyr atly çykyş hut şu mowzuga bagyşlandy.

Maslahatda bu mesele boýunça Ählumumy gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro çykyş etdi.

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozduň, forumyň beýleki gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda ählumumy ykdysadyýetiň ornuny pugtalandyrmagyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydygyna aýratyn üns berildi.

Oksfordyň energetika barlaglary institutynyň ylmy işgäri Juliýan Bouden birinji mejlisiň jemini jemledi.

Maslahatyň jemleýji mejlisi ösüşiň we durnuklylygyň hereketlendiriji güýji hökmünde maliýe edaralarynyň ornuna bagyşlandy. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

The post Tebigy gaz durnukly energetika geçmekde esasy ugur appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

01.12.2020 | Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Energetika ulgamyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy
Daniýada özboluşly muzeý açyldy