Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary “Halk Maslahaty Türkmenistanyň milli demokratiýasynyň aýdyň ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnadylar. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigi we halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenip, bagtyýar ýaşaýşymyz üçin möhüm meselelere serediljekdigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem Halk maslahatynyň asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydygyny belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar talyp ýaşlary ylymdan-bilimden paýly, edepli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekleri ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

“Ýüzýän” elektrik beketleriniň sany artýar
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
“Ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi
ÝAŞYL YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR