Tehnologiýa kompaniýalary energiýa maýa goýýar

Soňky ýyllarda tehnologiýa kompaniýalary energiýa pudagyna maýa goýum gönükdirýär. Golaýda Apple kompaniýasy Ýewropa ýurtlarynda önümçilik kuwwaty 650 megawat boljak energiýa bekedini gurmak üçin şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa Hytaýdaky hyzmatdaşlaryna goldaw bermek üçin 150 million amerikan dollary möçberinde maýa goýar. Kompaniýanyň bu ýurtdaky önümçilik desgalarynda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 90 göterimi arassa çeşmelerden alynýar.

Microsoft bilen

Meta hem ofislerinde we önümçilik desgalarynda sarp edýän elektrik energiýasyny arassa çeşmelerden üpjün edýär. Meta-nyň diňe şu ýylyň dowamynda maýa goýan taslamalarynyň umumy önümçilik mukdary 2 gigawatdan geçýär.

Gün we ýel beketleri diňe arassa bolmak bilen çäklenmän, gysga wagtda gurlup bilinýändigi bilen hem tapawutlanýar. Ortaça ululykdaky Gün bekedi taslamasyny 1,5 ýylda durmuşa geçirip bolýar.

Halylmyrat Ýomudow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Täze rekord goýdy
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Uly girdeji gazandy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi