Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri ýokarlandy

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalary ýylyň üçünji çärýegine degişli girdejileri barada maglumat ýaýratdy. Ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan Nvidia kompaniýasynyň girdejisi hem-de peýdasy garaşylandan ýokary boldy. Amerikan kompaniýasynyň girdejisi 57 milliard, her paýnama üçin alan peýdasy 1,3, maglumat merkezlerinden alan girdejisi 51,2 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Degişli döwürde Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň girdejisi 113,1 milliard hytaý ýuanyna (15 911 654 000 dollar) ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22,3% ýokary bolupdyr. Kompaniýa dürli elektron enjamlary we elektroulag öndürmek bilen meşgullanýar.

Ybraýym KERIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gibrid we elektroulag satuwy artýar
TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda Ahaly uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy Daşoguz welaýatyna gezelenç gurady