TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda Ahaly uly hasap bilen ýeňdi

TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda Ahaly uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda “Arkadag” hem-de “Ahal” toparlary duşuşdylar. Paýtagtdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Arkadag” topary 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu barada TFF habar berýär.

Gazanan bu ýeňşinden soň 24 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 3 utugy bolan “Ahal” topary 8-nji orunda barýar.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyry 27-nji maýda geçirilip, onda “Aşgabat” “Köpetdag”, “Nebitçi” “Merw” hem-de “Energetik” “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

9-njy tapgyryň duşuşygy:

“Arkadag” “Ahal” 5:2

Gollar: 23 (11 m.j.u.), 52, 78 Didar Durdyýew, 28 Begmyrat Baýow, 57 Ybraýym Mämmedow (“Arkadag”) 39 Meýlis Diniýew, 59 Begenç Mämiýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 20 Ybraýym Mämmedow, 74 Meýlis Durdyýew (“Arkadag”) 15 Ata Geldiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Mary ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy