Tehnologiýa ýatkeşlige zyýanlymy?

Telefonyňyzyň zarýadynyň gutarandygyny pikir edip görüň! Size iberilen elektron poçta seretmeli bolduňyz. Başga bir mobil enjamdan ýa-da kompýuterden internede birikseňiz, elektron poçtaňyzyň açar sözi ýadyňyza düşermikä?

Häzirki wagtda biziň ýaşaýan tehnologiýa dünýämiz elektron enjamlardan doly.Bu enjamlar işimizi örän ýeňilleşdirýär.Uçara, awtobusa petek satyn aljakmy, birine hat ýa-da surat iberjekmi ýa-da täze çykan aýdymy diňlejekmi, kyn däl, elimiziň aşagyndaky internete ýüz tutaýmaly.

Bu biziň ozal birnäçe wagt talap edýän işimizi aňsatlyk bilen ýerine ýetirmegimize, ýagny wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär.Eýsem, bu ýeňillikleriň ýatkeşligimizi hem tygşytlaýandygy barada pikir edip gördüňizmi?Mysal üçin, dogan-garyndaşlarymyzyň ýa-da synpdaşymyzyň doglan gününi ýadymyzda saklamaga zerurlyk ýok.

Sebäbi, ýatladyjy mobil programmalara, telefondaky senenama belläp goýsak, özi habar berýär.Mundan başga-da, jemgyýetçilik torlary hem tanyşlarymyzyň doglan gününiň golaýlap gelýändigini ýatlatmagy unudanok.Isle tanyş-bilişlerimiz bolsun, isle-de işleşýän adamyň, restoranyň, dellegiň… telefon belgileri hem ýazylgy dur.

Tapmadyk maglumatyň üçin bolsa, ýene-de internete ýüz tutaýmaly.Birden köp jemgyýetçilik ulgamyna agza bolan bolsaňyz, olar siziň hemişe ulanýan enjamyňyzda awtomat ýagdaýda girmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli her gezeginde açar söz soramaýar.

Bularyň ählisi birnäçe maglumaty ýadymyzda saklamak zerurlygyny aradan aýyrýar.Tehnologiýanyň durmuşymyzy aňsatlaşdyrýandygy ikuçsuz.Emma bu tehnologiýalar ýadymyzy ýaltalyga itekleýär.Bu ýagdaýa sanly ýaltalyk diýilýär.Sebäbi öwrenilýän maglumatlar gaýtalanylan ýagdaýynda ýadymyzda berk galýar.

Emma häzirki wagtda haýsydyr bir maglumaty ýatda saklamaga synanyşmagyň deregine, adatça ony telefondan gözlänimizi kem göremizok.

ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň ylmy işgäri Betsi Sparrow we topardaşlary bu ýagdaýyň ýatkeşligimize nähili täsir edýändigini öwrenmek üçin barlag geçiripdirler.Barlaga gatnaşyjylar dört synagdan geçirilipdir.Synaglaryň birinde gatnaşyjylardan adamyň başlangyç maglumat goruny barlaýan 40 adalga soralypdyr.

Toparlaryň birine bu adalgalaryň manylaryny başga çeşmeden görmeklerine rugsat beriljekdigi aýdylypdyr.Beýleki bir topara bolsa, hiç hili maglumat çeşmesinden peýdalanmaga rugsat berilmejekdigi aýdylypdyr.Soňra bolsa, gatnaşyjylardan ýadyna düşýän adalgalary mümkingadar köp ýazmaklary talap edilipdir.

Netijede, maglumat çeşmesine elýeterli ediljekdigi aýdylan toparyň agzalary beýleki topardan has az zat ýadynda saklap bilipdir.

Bilermenleriň bellemeklerine görä, öwrenýän maglumatymyz daşky şekili, eşidilişi, manylarynyň nämedigi ýaly usullar arkaly ýadymyzda wagtlaýyn saklanýar. Soňra bu maglumatlar gaýtalananda hemişelik ýadymyzda galýar.

Bilermenleriň pikiriçe, bu ýagdaýyň sebäbi adamlar soňra elýeterli boljakdygyny pikir edýän maglumatyny ýadynda saklamak üçin tagalla etmeýär. Şol sebäpli aňsatlyk bilen elýeterli bolan maglumaty ýadymyza düşürmekde kynçylyk çekýäris.

Angliýanyň Birmingem uniwersitetiniň Psihologiýa bölüminiň ylmy işgäri Mariýa Wimber öwrenilen maglumaty gaýtalamagyň ýatda has gowy galmaga ýardam edýändigini, emma ýüzleý ýagdaýda gaýtalamagyň, mysal üçin, gaýtadan internetden görmegiň täsiriniň ýokdugyny aýdýar. Onuň pikirine görä, gerekli maglumaty ýadyňa düşürmäge synanyşmagyň ýerine derrew internetden gözlemek ýatda galyjylygy peseldýär.

Eýsem, ýatkeşligimiziň işjeňligini saklamak üçin näme etmeli?!

Psiholog Pragýa Lodha munuň üçin käbir maslahatlary berýär. Olaryň biri gysga wagtlygyna sanly dünýäden uzaklaşmak. Lodhanyň ýene bir maslahaty has gymmatly maglumatlary ýat tutmak.

Taryhyň dowamynda täze tapylan zadyň döredýän ýeňilligi adamyň tebigy ukyplaryna zeper ýetirjekdigi pikir edilipdir.Mysal üçin, Sokrat hat ýazmagyň ýatkeşlige zeper ýetirmeginden we ondan soňra ýatkeşligiň adama zerurlygynyň bolmazlygyndan howatyr edipdir.

Bu ýagdaý soňky oýlap tapyşlarda hem gaýtalanypdyr.Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, tehnologiýanyň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanylanda, maksadymyz olaryň biziň ösüşimize goşant goşmagy bolmaly.Emma tehnologiýany gural hökmünde ulanmagyň deregine, oňa garaşly bolan ýagdaýymyzda sanly ýaltalygyň ýüze çykmagy mümkin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär
Almatynyň aeroporty Türkmenhowaýollaryndan’ nägile bolýar
Synagdan geçdi