Telefon arkaly söhbetdeşlik

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn 10-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň, ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutan orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi