Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi

Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi

Telegram sosial ulgamy “Utro Dagestana” atly kanaly petikledi. Bu mundan birnäçe gün ozal gazaba münen mähelläniň anti-Semitik şygarlary gygyryp, Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň aeroportuna kürsäp girmeginden soň boldy.

Kanal 28-nji we 29-njy oktýabrda “Ysraýyldan gelen bosgunlaryň” aglaba musulmanlaryň ýaşaýan Demirgazyk Kawkazyň bu ýurdunda ýerleşdirilýändigi barada birnäçe maglumaty çap etdi we aeroporty basyp almaga çagyrdy. Mundan öň, bu kanalyň Kiýewde ýaşaýan russiýaly oppozision syýasatçy Ilýa Ponomarýow bilen ilteşiklidigi aýdylypdy.

29-njy oktýabrda giçlik bir müň adamdan hem aşýan mähelle Mahaçkalanyň aeroportuna kürsäp girdi we Ysraýyldan gelen uçaryň bortundaky ýolagçylaryň şähere girmeginiň öňüni almaga synanyşdy. Bu wakada 20-den hem aşa adam ýaralandy, onlarça şahs hem tussag edildi.

Tel Awiwden gelen uçaryň bortunda Ysraýylyň raýatlarynyň bolup-bolmandygy, şeýle-de şikes alanlaryň arasynda ýolagçylaryň bardygy ýa ýokdugy doly aýdyň däl.

Ria Nowosti habar gullugynyň 30-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, aeroportda 60-dan hem köp adam saklandy.

Dagystanyň lideri Sergeý Melikowyň 31-nji oktýabrda özüniň Telegram hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda aeroportuň doly açylandygy bellenilýär.

30-njy oktýabrda Russiýanyň Ýewreýler Jemgyýeti Federasiýasynyň başlygy, Rabbi Aleksandr Boroda beýanat ýaýradyp, onda bu hadysanyň “biziň köpmilletli we köpmedeniýetli döwletimiziň esaslaryny sarsdyrandygyny” belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mettýu Miller Waşingtonyň bu hadysany ýazgarýandygyny aýtdy. Ol 30-njy oktýabrda žurnalistler bilen geçiren brifinginde aeroportuň hüjüm edilişi baradaky wideolaryň esasynda “muny pogromlara meňzedendigini” hem belledi.

“Biz Russiýanyň resmilerini bu gazaply protestleri açyk ýazgarmaga, munuň bilen ilteşikli islendik şahsy jogapkärçilige çekmäge, şeýle-de Russiýada ysraýyllylaryň we ýewreýleriň howpsuzlygyny kepillendirmäge çagyrýarys” diýip, Miller aýtdy.

Ysraýylyň Palestinanyň gözegçiligindäki Gaza zolagynda Hamasa garşy alyp barýan söweşiniň arasynda, Demirgazyk Kawkaz regionynyň ençeme şäherinde anti-Semitik protestler geçirildi.

Kreml bu tolgunşyklara “daşarky goşulmanyň” sebäp bolandygyny öňe sürdi. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa bolsa, 30-ny oktýabrda “soňky weýrançylykly hereketleriň durmuşa geçirilmeginde jenaýatçy Kiýew režiminiň gönümel we kesgitleýji roly oýnandygyny” aýtdy.

Ukraina bu aýyplamalary ret etdi we Russiýanyň Daşary işler ministrligini “jogapkärçiligi keselbent kelleden, sag başa geçirmekde” aýyplady.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Oleh Nikolenka özüniň Facebook hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda, Mahaçkaladaky wakalaryň “Russiýanyň elitalaryndaky we jemgyýetdäki düýpli kök uran anti-Semitizmi şöhlelendirendigini” aýtdy.

Birleşen Ştatlar hem bu hadysalara Ukrainanyň ilteşiginiň bardygy baradaky aýyplamalary ret etdi. “Men olaryň Ukrainany günäkärleýän teswirlerini gördüm. Olar absurd” diýip, Miller sözüne goşdy.

“Utro Dagestana” kanaly Ponomarýowyň oppozision topary tarapyndan ýola goýlan Russiýadaky regional habar Telegram kanallarynyň torunyň bir bölegidi.

Ponomarýow 30-njy oktýabrda Nastoýaşeýe Wremýa kanalyna beren interwýusynda eýýäm birnäçe aý bäri öz toparynyň bu kanal bilen hiç hili ilteşiginiň bolmandygyny aýtdy we Dagystanyň aeroportuna edilen hüjümi ýazgardy.

Şol günde, “Utro Dagestana” kanaly hem Ponomorýow bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy. Ponomarýow Russiýanyň Döwlet dumasynyň ozalky agzasydyr. Ol 2014-nji ýylda Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna garşy ses beren ýeke-täk deputat bolupdy.

Emma awgustda ol Ukrainanyň mediasyna beren interwýusynda “Utro Dagestana” kanalyny “biziň kanalymyz” diýip atlandyrypdy. Sentýabrda ol muňa awtoritar prezident Wladimir Putiniň hökümetine garşy alnyp barylýan giň gerimli hereketleriň bir bölegi hökmünde salgylandy.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
Putin Gazada başdan geçirilýän wakalar barada beýannama berdi
Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar
Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder