Telekeçi zenan Tomasdottir Islandiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Telekeçi zenan Tomasdottir Islandiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Telekeçi we maýadar zenan Halla Tomasdottir Islandiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Tomasdottir üçin saýlawçylaryň 32,8 göterimi, onuň esasy bäsdeşi, ýurduň öňki Premýer-ministri hanym Katrin Ýakobsdottir üçin 25,7 göterimi ses berdi.

Halla Tomasdottir saýlawlara ikinji gezek gatnaşdy. Ol indi iki gezeklik dört ýyllyk möhletden soňra iş başyndan gidýän Gwýudni Torlasius Ýougannessony çalyşýar. Ol Islandiýanyň taryhynda ikinji Prezident zenan bolar diýip, Bloomberg habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Islandlar zenan Prezidentiň adamsyna kim diýip ýüzlenmelidigini bilenoklar
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy