Telekeçilik işi ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň telekeçilik çygrynyň ösüşi bedew bady bilen öňe barýar. Şol ösüşiň depginleriniň has güýçlenmegi üçin, döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanda telekeçiligiň ornuny has-da ýokarlandyrmak wezipesi iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu bolsa, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20192025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda öz beýanyny tapdy we onda telekeçilige döwlet goldawyny bermekligiň maliýe gurallary kesgitlenildi.

Telekeçiligi ösdürmeklige berilýän maliýe goldawyny maksada laýyk peýdalanmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlanmaklyga, ykdysadyýetiň durnukly depginli ösüşini üpjün etmeklige özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Önümçiligiň üznüksizligini gazanmak üçin, öndürilýän önümlere bolan islegiň, hyrydarlygyň we hiliniň esasynda ondan alynýan peýdanyň artmagy, esasy maliýe görkezijisi bolup çykyş edýär.Peýda telekeçilik işiniň esasy netijesi hökmünde hojalygyň özüniň we bütin döwletiň maliýe serişdelerine bolan zerurlyklaryny üpjün edýär.

Jemi peýdanyň ululygyna telekeçilik işine bagly we bagly bolmadyk birnäçe görkezijiler täsir edýär.Telekeçilik işine bagly bolan peýdanyň artmagynyň esasy görkezijileri ýagny, şertnamanyň şertlerine laýyklykda, öndürilýän önümiň göwrüminiň ösüşi, onuň özüne düşýän gymmatynyň peseldilmegi, hiliniň ýokarlanmagy, önümleriň görnüşleriniň köpeldilmegi, önümçilik gaznalarynyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, zähmet öndürijiligini ösdürmek bolup durýar.

Maýa goýumlary çekmek telekeçilik işini maliýe serişdeleri, şeýle hem zerur serişdeleriň gaýry görnüşleri bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran usullarynyň biridir.Maýa goýumlar hem fiziki ýa-da ýuridiki taraplaryň eýeçiligindäki beýleki serişdeler ýaly emläk bolup durýarlar. Şol emläkler ykdysady dolanyşyga goýberilende-de islendik emläk eýesine mahsuslykda, maýa goýujy öz emläginiň möçberini artdyrmak nukdaýnazaryndan ugur alýar. Şoňa görä-de, telekeçilik işini amala aşyrmak isleýän taraplar öz taslamalarynyň üstünlikli (girdejili) amala aşyryljakdygyna hakyky maýa goýujylary ynandyryp bilen halatynda, telekeçilik işini maliýeleşdirmek meselesini oňyn çözmäge mümkinçilik alýarlar.

Telekeçilik işini kämilleşdirmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplary goldamak üçin amatly şertleriň döredilmegi, goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalarynyň uzak möhletli karzlar bilen üpjün edilmegi, önümleri öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalara we telekeçilere ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi türkmen telekeçilerine bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklaryny we halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini göz öňünde tutýan, şeýle hem daşary ýurtlaryň ösen tejribesini ulanmaga esaslanan öňden görüjilikli maliýe-ykdysady özgertmeleri geçirmegi we maksatnamalary kesgitlemegi iňňän uly netijeler berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu geçirilýän ykdysady özgertmeleri döwletimiziň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini mundan beýläkde ynamly üpjün eder.

Çemen Gurbanowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

The post Telekeçilik işi ösüşlere beslenýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda demirýolyçy maşgalalaryň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan täze jaýlara göçdüler
Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy
Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi
Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi
Owganystanyň paýtagty Kabulda bombaly hüjüm guraldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany