Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalarda soňky 1 hepde-de 114 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, 12-nji ýanwarda terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky harby merkeze hüjüm guran terrorçylara degişli gaýtawul görkezildi.

Hüjümden soň Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy howa hüjümleri guraldy.

Hüjümlerde terrorçylar tarapyndan ulanylýan gowaklar, gaçybatalgalar, tuneller, ýarag ammary, nebit-gaz önümçilik desgalary ýaly 114 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

“Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda şu günki güne çenli 768 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýannamada “Operasiýalarda 1887 ýarag we 794 müň 661 ok-däri ele geçirildi. 2 müň 588 mina bilen partlaýjy madda hatardan çykaryldy. 850 gowak bilen gaçybatalga derbi-dagyn edildi. Şeýlelikde Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda soňky 1 hepde-de 114 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2 müň 396-a ýetdi” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Somalide Aş-Şebaba Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Azerbaýjan, Ermenistanyň Pozisiýalaryna Garşy Operasiýa Geçirdi
ABŞ, Rafaha Guraljak Gury Ýer Operasiýasyna Garşy
Türkiýe Mossada Garşy Möhüm Operasiýa Geçirdi
MOSSAD-yň Içalylaryna Garşy Operasiýa Geçirildi