Türkiýe Mossada Garşy Möhüm Operasiýa Geçirdi

Türkiýe Mossada Garşy Möhüm Operasiýa Geçirdi

Altun Milli howpsuzlyk guramasy bilen Içeri işler baş müdirliginiň Ysraýylyň razwedkasyna garşy operasiýalar hakynda Prezident R.T.Erdoganyň “Egerde şeýle işe girişäýseler, onuň neticeleriniň agyr bolcakdygyny ýatdan çykarmasynlar. Türkiýäniň hem razwedka hem-de howpsuzlyk taýdan ýeten sepgidini dünýäde bilmeýän ýok” diýen sözlerini paýlaşdy.

Fahrettin Altun sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, Prezident Erdoganyň 6-ncy dekabrda Katara guran saparyndan gaýdyşyn Amerikanyň “Wol Strit Cornal” gazetindäki “Ysraýylyň Türkiýe bilen bilelikde Hamasyň Palestinanyň daşynda ýaşaýan agzalarynyň canyna kast etmegi meýilleşdirýändigi” hakyndaky habarlar barada žurnalistlere beren beýannamasyndan bir bölüme orun berdi.

Altun Prezident Erdoganyň şu sözlerini paýlaşdy: “Bular diýmek, Türkiýäni tanamaýarlar.Türkleri bilmeýärler.Bizi tanamaýarlar.Eger-de şeýle ýalňyşlyga höwes edäýseler, şuny bilsinler.Onuň cerimesini, neticesini agyr tölärler.

Türkiýede şeýle işe girişäýseler, onuň cerimesini şeýle agyr çekerler welin, gaýdyp özlerine gelip bilmezler. Şeýle işe girişäýseler onuň neticeleriniň iňňän agyr bolcakdygyny ýatdan çykarmasynlar.Türkiýäniň hem razwedka hem howpsuzlyk taýdan ýeten sepgidini dünýäde bilmeýän ýok. Şeýle hem biz täze döwlet däl.

Munam ýatdan çykarmasynlar.”

Türkiýede Ysraýylyň daşarky razwedka gullugy Mossadyň adyndan “halkara içalylyk” işlerini alyp barýandyklary öňe sürülen 56 adam anyklanyp, şolaryň 34 sanysy ele salynypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Gazaly Ýene-de 61 Keselli Ankara Getirler
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär