Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär

Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär

Gaza üçin Izmirden ýola çykan ýardam gämisi Müsüriň Al Ariş portyna bardy.

Gämide operasiýa we reanimasiýa bölümleri bolan, islendik howa şertine çydamly, doly üpjünçilikli agyr göçme hassahanalary bar.

Doly üpjünçilikli çiýşirip bolýan göçme hassahanalary bilen şol hassahanalarda ulanylmak maksady bilen lukmançylyk enjamlary we derman serişdeler ugradyldy.

Gaza şeýle hem 20 sany doly üpjünçilikli tiz kömek ulagy we generatorlar ugradyldy.

Türkiyäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sosial media hasabyndan Müsürdäki porta baryp ýeten gäminiň suratyny paýlaşdy.

Fahrettin Koja kömekleriň Müsür bilen umumy koordinasiýa içinde Gazanyň halkyna ýetiriljekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýeden Gaza 51 Konteýnerlik Lukmançylyk Enjamlary Kömegi Ugradyldy
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Fahrettin Koja 2024-nji ýylda dogulan ilkinji bäbekleriň suratlaryny paýlaşdy
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”