Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli howpsuzlyk guramasy “ýaşyl toparda” gözlenýän we uly şäherlerde hüjüm üçin görkezme berendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-niň ýolbaşçylaryndan diýilýän Sebahat Ormanlyny ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan opearsiýada tasirsiz ýagdaýa getirdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata göra gurama ekstremist terror guramasy PKK/KJK-niň agzalarynyň işleriniň yzarlanmagy we olaryň öňüniň alynmagy boýunça işlerini dowam etdirýär.

Şol çakde terror guramasynyň Zenan ýaşlar toparynň 18 agzasyndan biri we jogapkäri diýilýän “Mizgin Guýi” kodly terrorçy Sebahat Ormanlynyň Türkiýede tokaýlaryň ýakylmagy we şäherlerde oda beriş işleriniň alynyp barylmagy maksady bilen KŽJK agzalaryna görkezme berendigi anyklandy.

Terror sanawynda “ýaşyl toparda” gözlenýän terrorçy Ormalynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi hakynda karar kabul edildi.

MHG-nyň ýerlerdäki işleriniň netijesinde Yragyň demirgazygynda iş alyp barýandygy anyklanan terrorçy Ormanly, ýolda mahaly ýaragly dron bile täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny