“Terrorsyz Türkiýe Maksadymyza Ýeteris”

“Terrorsyz Türkiýe Maksadymyza Ýeteris”

Prezident R. T. Erdogan, Prezidentiň Kompleksinde geçirlen häkimleriň duşuşygynda çykyş etdi.

Sebitiň diýseň ynjyk döwürden geçýändigini aýdan Erdogan, Türkiýeden 910 kilometr alysda ýerleşýän serhetdeş ýurt Siriýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi.

Siriýada 61 ýyllyk Baas diktatorlygynyň çökmeginden we 13 ýyl dowam eden gyrgynçylygyň ortadan aýrylmagyndan soň täze döwre girilendigini ýatladan Erdogan, siriýalylaryň asuda ýagdaýda öýlerine dolanmaklarynyň özleri üçin esasy wezipedigini nygtady.

Erdogan, siriýalylaryň öýlerine dolanmaklarynyň sebitleýin durnuklylyk we strategiýa taýdan hem diýseň möhümdigini ýatlatdy.

Siriýada täze döwrüň başlandygyny aýdan Erdogan “Siriýa agdarlyşygy bilen birlikde hem ýurdumyzyň hem-de sebitimiziň öňünde taryhy pursat ýüze çykdy. Döwletimiziň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp terrorsyz Türkiýe maksadymyza ýeteris. Türkiýe asyryny doganlygyň, galkynyşyň, asudalygyň we durnuklylygyň asyry bolmagy üçin birlikde tagalla ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan-Şara Duşuşygy Dünýäniň Gün Tertibinde…
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Siriýadan Türkiýä Ýokary Derejeli Sapar Guralar
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
“Biz Özara Ynama we Bähbide Esaslanýan Agzalyk Etabymyzyň Depginini Güýçlendirmegi Arzuw Edýäris”