“Tesla” arzan elektroulag öndürer

“Tesla” kompaniýasy Germaniýanyň Berlin şäherindäki zawodynda arzan bahaly elektroulag önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär.Elektroulagyň bahasynyň 25 müň ýewro bolmagyna garaşylýar.Kompniýanyň iň arzan bahaly elektroulaglary 30 müň dollardan hem ýokarda.

Mundan ozal 2020-nji ýylda kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilan Mask Berlindäki zawoda baranda, üç ýylyň dowamynda has arzan elektroulag öndürilmegi baradaky taslamanyň bardygyny belläpdi.Täze elektroulagyň satuwa çykarylmagy bilen “Teslalar” has köp müşderi üçin elýeterli bolar.

Kompaniýa 2030-njy ýylda önümçiligini 20 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.Bu görkeziji islendik awtoulag öndürijisi üçin örän ýokary hasaplanýar.Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalary bolan “Toyota” hem-de “Volkswagen” her biri ýylda ortaça 10 milliona golaý ulag öndürýär.

Golaýda “Tesla” häzirki öndürýän ulaglarynyň hem bahasyny arzanladypdy.

Serdar Bakgalow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Tesla 1500 robotaksi öndürer
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi