Tesla bitkoiniň hümmediniň arzanlamagy bilen baglylykda ýitgi çekdi

Tesla bitkoiniň hümmediniň arzanlamagy bilen baglylykda ýitgi çekdi

Amerikanyň elektrik ulaglaryny öndüriji Tesla kompaniýasy üstümizdäki ýylyň birinji ýarym ýylynda bitkoiniň hümmediniň aşaklamagy bilen baglylykda, 170 million dollar möçberinde ýitgi çekdi diýip, kompaniýanyň ABŞ-nyň Gymmatbaha kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasy (SEC) üçin resminamalarynda aýdylýar. Bu barada Interfaksa esaslanyp, Trend ýazýar.

Şol bir wagtda kompaniýanyň kriptopullaryň satuwy boýunça geleşiklerden 64 million dollar girdeji gazanandygy habar berilýär.

Teslanyň başlygy Ilon Mask Şanhaýda koronawirusyň möwjemegi bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler üçin kärhanasynyň ýapylandygyny we pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen geçen hepdede kompaniýanyň bahasy 936 million dollara deň bolan bitkoin satandygyny habar berdi.

Ýagny Tesla özünde bar bolan bitkoiniň 75 göterime golaýyny satdy, umumylykda kompaniýa 1,5 milliard dollara deň bolan bitkoiniň eýesidi, iýunyň aýagynda onuň 218 million dollarlyk bitkoini galdy.

Kompaniýanyň paýnamalarynyň duşenbedäki söwdalaşyklarda 0,9 göterim arzanlandygy habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady
Tesla 1500 robotaksi öndürer
“Time” žurnaly “emeli aň arhitektorlaryny” ýylyň adamy diýip atlandyrdy