Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi

Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi

Milliarder Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy adam sypatly Optimus robotynyň täze başarnyklaryny görkezýän wideony özüniň resmi sahypasynda çap etdi diýip, Gazeta.ru habar berýär.

Wideoda Optimusyň maşyn görejiniň has gowulandyrylan ulgamy bilen üpjün edilendigi görkezilýär, ulgam enjama zatlary reňki hem-de göwrümi boýunça tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär. Teslanyň habaryna görä, android ornaşdyrylan emeli aň özbaşdak, bulut hasaplamalarysyz hereket etmäge ukyplydyr.

Gysgajyk wideonyň ahyrynda robot bir aýagynda, ýoganyň duruş usulynda elini döşüniň üstünde goýýar.

Optimusa ýogada kämilleşmäge kömek etmäge goşulyň diýip, wideonyň ýazgysynda beýan edilýär.

Optimus gumanoidi bilen ilkinji gezek 2021-nji ýylyň tomsunda tanyşdyrylypdy. Uzak geljekde Tesla androidleri hususy kömekçilere öwürmegi meýilleşdirýär. Onuň haçan taýýar edilip tanyşdyryljakdygy we nyrhy gizlin saklanýar. Kompaniýanyň olary elektrik awtoulaglarynyň söwdasynda kömekçi hökmünde ulanmak maksadynyň bardygy hem aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Malaýziýada edarasyny açdy