Tetris oýny 40 ýaşady

Tetris oýny 40 ýaşady

Tetris atly nusgawy oýun 40 ýaş ýubileýini belledi. Report.az neşiriniň ýazmagyna görä, oýun 1984-nji ýylda sowet programmaçysy Alekseý Pažitnikow tarapyndan Elektronika-60 kompýuterinde döredildi.

Oýun Nintendo tarapyndan Game Boy enjamy üçin Tetris kartriji öndürilip başlanandan soňra bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Henize çenli ony millionlarça adam elde göterilýän oýun konsollarynda, internetde we smartfonlarda oýnaýar.

2007-nji ýylda oýun ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasy tarapyndan iň görnükli kompýuter oýunlarynyň 10-lugyna girizildi. Tetris boýunça ýaryşlar bütin dünýäde yzygiderli geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Çip bazary ösýär
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmentel — 2024 halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş
ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar